logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Bilimli nesil – kämil geljek
  07.01.2023
1259
Bilimli nesil – kämil geljek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi, ýagty ertiri bolan ýaşlara bilim-terbiýe bermek, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, sagdyn bedenli, ylymly nesil edip kemala getirmek döwletimiziň öňe sürýän wezipeleriniň baş maksadydyr. Hormatly Arkadagly Serdarymyz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyna, milli ruhda terbiýelenmegine, kämil hünärli bolmagyna uly üns berýär. Häzirki döwürde ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen ony dünýä derejesi bilen aýakdaş alyp barmak esasy şertdir. Munuň üçin sanly bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bilim bermegiň iň täze usullary işläp düzmek, daşary ýurt dillerini öwretmek babatdaky asylly işler barha kämilleşdirilýär. Bilim ulgamynyň kämil usullar bilen baýlaşdyrylmagy bolsa ýurdumyzda ylym-bilimiň döwür bilen deň gadam basýandygyna güwä geçýär. Täze Galkynyşyň ruhy bilen galkynan ýaşlarymyz milli ruhda terbiýeli, kämil hünärli adamlar bolup, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyz ylym-bilimli, saýlap alan hünärinden doly baş çykarýan, berk bedenli sagdyn nesiller bolup kemala gelýär. Milli terbiýede ýaşlaryň bilimli bolmagyny gazanmak bilen bagly dana pederlerimiziň nusgalyk ýoly, paýhasly pähimleri halkymyzyň ylym-bilime ösüşleriň, rowaçlygyň çeşmesi hökmünde garandyklaryndan habar berýär. Şu asylly ýörelgäniň bu günki gün döwletimizde möhüm ugurlaryň biri bolmaklygy diýseň buýsandyryjy ýagdaýdyr. Sanly bilim konsepsiýasy hem üstünlikli durmuşa geçirilip, ösen maglumat tehnologiýalaryny bilim işinde netijeli ulanmaklyk amal edilýär. Dünýäniň iň täze gazananlaryny öwrenmekde we dünýä ylmyny özleşdirmekde daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti örän ýokarydyr. Ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Berkarar döwletimizde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim almagyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri, asylly başlangyçlary üstünliklere beslensin! 

 

Maýsa ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.