Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Eziz ildeşlerimizi belent maksatlara ruhlandyran «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ähli ugurlarda, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edildi. Bu şygaryň çuňňur many-mazmuny bar. Çünki ýurdumyzda Garaşsyz Watanymyzyň nurana geljegi, belent ösüşleriniň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ýagty ertiri baradaky möhüm aladadyr.
Häzirki wagtda türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň barha okgunly ösmegine, halkara giňişlikdäki at-abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly okaýarlar hem öwrenýärler. Mähriban Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini artdyrmakda, aýratyn-da, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmäge degişli möhüm wezipeler öňde goýulýar. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, ene-ata we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek döwletimizde alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip, uly buýsanç bilen bellemegi ýaşlaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Çünki şu günki nesiller, bagtyýar ýaşlar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, dünýä ýüzündäki at-abraýyny artdyrjak kämil ynsanlardyr. Ýaşlarymyzyň bu asylly maksadyna ýetmeklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» möhüm ýol görkeziji gollanma bolup çykyş edýär. Şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň gol çekmeginde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu Kanun ýaşlaryň ýurdumyzyň syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşyp, özleriniň zehinini, döredijilik ukybyny ýüze çykarmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we dünýä ýaýmak, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek arkaly sagdyn bedenli, ylymly-bilimli, ösen düşünjeli, watansöýüji ýaş nesilleriň kemala gelmegi üçin asylly işler ýola goýulýar. Ýaş raýatlarynyň döwletiň we jemgyýetiň syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak işine hem möhüm ähmiýet berilýär. Bagtdan paýly, bilimden serpaýly bagtyýar ýaşlaryň ajap eýýamynda ýaş nesilleriň ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmaklary, okamagy, öwrenmegi we ähli ugurlar babatda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli şertleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!
Ogulmaral HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Diller kafedrasynyň mugallymy.