logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim ulgamyny ösdürmegiň ýolunda
  01.09.2021
860
Bilim ulgamyny ösdürmegiň ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň ylym we bilim pudagyny ösdürmekde alyp barýan taýsyz tagallalarynyň netijesinde, “Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parastly ýolbaşçylygynda  ýakynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje geňeşliginde täze dörebap 960 ornlyk orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara etraplaryň häkimlikleriniň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara,kärhanalaryň ýolbaşçylary, bilim ulgamynyň işgärleri, il sylagly ýaşulylar, mährem eneler,şeýle-de ýaşlar gatnaşdylar.

      Dabarada aýdym-saz sungatynyň ýaş wekilleriniň tans we dutarçylar, depçiler toparynyň ýerine ýetrmeklerinde çykyşlar boldy. Täze mekdebiň açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli etrabyň medeniýet öýüniň sahna ussatlarynyň gülkili çykyşlaryna uly orun berildi.  Ahal welaýat häkimliginiň buýrmasy esasynda gurulan bu täze döwrebap mekdebiň synp otaglary dünýäniň ösen bilim ulgamynyň kämil enjamlary bolan multimediýa tagtalary bilen üpjün edilip, okuwçylara berilýän bilimiň hilini has-da kämilleşdirilmegine  uly itergi berer. Dabaranyň  ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!