logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Bilim ulgamy kämilleşýär
  04.04.2023
907
Bilim ulgamy kämilleşýär

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda diýarymyzyň çar künjegini gurşap alan özgertmeler, iri gurluşyk taslamalary döwrümiziň döredijilik, gurujylyk kuwwatyny açyp görkezmek bilen, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Bu gün ýurdumyzyň bilim ulgamy hem ösüşiň belent derejesine çykýar. Çagalar baglaryndan başlap, ähli bilim ojaklarynyň okatmagyň innowasion tehnologiýalary – multimedia, interaktiw enjamlary, kämil kompýuterlerdir döwrebap görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi biz ýaşlaryň bilim derejesine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, milli bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu möhüm mesele döwletimiziň dürli hünärlere bolan zerurlyklary hasaba alnyp, oýlanşykly çözülýär. Bu wezipeleri amala aşyrmakda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde kabul edilýän talyplaryň we ugurlaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmeklige hem uly orun berilýär. Milli bilimiň hiliniň mundan beýläkde ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini bilim görkezijileri boýunça dünýäniň abraýly okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça degişli işler durýar. Bilim ulgamyna dünýä standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilim  ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barha giňeýär. Ýokary okuw mekdeplerinde guralýan köp sanly çäreler, ylmy konferensiýalar munuň aýdyň mysalydyr.

Döwletimizde alnyp barylýan bilim syýasaty, şeýle-de ruhubelent, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Milli we iri halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýän ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar, türkmen ýaşlary sportda we döredijilikde ýokary sepgitlere ýetýärler. Bu günki gün döwrüň möhüm talabyndan ugur alnyp, ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary kämilleşdirilýär, olaryň sanawy hem yzygider giňeldilýär. Bularyň ählisi bilimiň hemmelere elýeterliligini üpjün etmek, ýurdumyzyň ýaşlarynyň öz ukyp-başarnygyny, zehinini doly derejede açyp görkezmegi üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmeginiň bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Biz, bagtyýar döwrüň bagtly ýaşlary hem, bilim ulgamynda şeýle asylly başlangyçlary, döwletli tutumlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il bähbitli işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris! 

 

Aýgül ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet Energetika 
institutynyň 4-nji ýyl talyby.