Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Halk bilen döwletiň jebisliginiň nyşany ✦ ✦ Halk Maslahaty ýurdumyzyň geljegine gönükdirilýän strategik maksat ✦ ✦ Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynda täze oba açyldy ✦ ✦ Geljegiň oba hojalygy – innowasiýa we tehnologiýa ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyň we ösüşleriň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýady ✦ ✦ Halk Maslahaty – halkyň belent maksadynyň beýany ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti BOMCA-10 maksatnamasynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Halk maslahaty — jebisligiň nyşany ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim ulgamy kämilleşdirilýär
  27.04.2024
347
Bilim ulgamy kämilleşdirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe bilim we sport baradaky özgertmeleriniň esasynda ýaş neslleri milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, bäsleşige ukyply bilim ulgamyny kemala getirmek, bilim syýasatynyň esasy özenini düzýär.

 

Döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary wajyp meseleleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäniň sanly tehnologiýalary babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamanyň döwrebaplaşdyrylmagyny, talyp ýaşlaryň häzirki zaman ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanyşynda düýpli özgertmeleri alyp barýar. Şonuň esasynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli amala aşyrylýar. Bu möhüm resminama ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny anyk kesgitleýär.

 

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlary döwrebap okatmak, şeýle hem bilim bermegiň täze usulyna geçmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýär.

 

Il saglygy ýurduň baýlygy bilen deňelýän döwletimizde ýaş nesliň ruhy kämilligini bilim-terbiýe, ylym, hünär bilen baýlaşdyrmak işi olaryň beden saglygyny gorap saklamak babatdaky aladalar bilen berk utgaşdyrylýar.

 

Jennet KULBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.