Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi ✦ ✦ Halkara olimpiadalar geçiriler ✦ ✦ FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler ✦ ✦ Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦ ✦ Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Şahsy robotlaryň döwri başlanýar ✦ ✦ Global ykdysadyýete we strategik hyzmatdaşlyga ýol açýan gapy ✦ ✦ SPECA maksatnamasynyň çäklerinde sebit gatnaşyklary berkidilýär ✦ ✦ Türkmen telekeçileri “Gulfood 2026” halkara sergisine gatnaşar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /BILIM – GALKYNYŞLY DÖWRÜŇ ÖSÜŞ GURALY
  26.12.2022
724
BILIM – GALKYNYŞLY DÖWRÜŇ ÖSÜŞ GURALY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň üstünliklere hem rowaçlyklara beslenmegi netijesinde eziz Watanymyzyň nurana ertiri, bagtyýar geljegi bolan ýaş nesilleriň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar hökmünde okamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri ugrunda zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň yzygider kämilleşdirilmegi ýaş nesliň jemgyýetiň kämil raýatlary bolup ýetişmegine we ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýan netijeli işlere işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam berýär. Sanly milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatdaky beýik başlangyçlar merdana halkymyzyň şu gününe we ýagty geljegine bolan synmaz ynamyny, bagtyýarlygyny, abadançylygyny dabaralandyrýar. Sanly ulgamyň bilim edaralaryna giňden ornaşdyrylmagy bilim-terbiýe bermek, okatmak işinde ençeme ýeňillikleri şertlendirýär, her bir ýola goýulýan işiň netijeliligini artdyrýar. Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan sanly tehnologiýalar, sanly serişdeler, akylly enjamlar, elektron maglumat göterijiler, wideo we audio şekilli ýazgylar bilim bermek işinde netijeli peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň şeýle mümkinçilikleri dünýä ylmy, dünýä tejribesi bilen aýakdaş gitmäge, bu ugurda özara tejribe alyşmaga, ylmy-tehniki barlaglary alyp barmaklyga uly mümkinçilikleri açýar. Netijede bu gün gujurly, ylymly türkmen ýaşlary täze eýýamyň galkynyşyndan ruhlanyp, dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urýarlar. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar. Bilim edaralarynda okatmagyň sanly usulyna geçilmegi, internet torunyň elýeterli bolmagy dünýäniň abraýly ylmy merkezleriniň möhüm maglumatlaryndan peýdalanmaga itergi berýär. Bilim – ösüşiň netijeli guraly hökmünde islendik döwletiň kuwwatlylygyny kepillendirýär. Bilim – kämilligiň çeşmesi, özgerişleriň gözbaşy. Şol nukdaýnazardan hem, eziz Diýarymyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ruhunda, täzeçil usullarynda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda barha döwrebaplaşdyrylýar.

Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinini, döredijilik ussatlygyny ýüze çykarmak, ylym-bilim goruny giňeltmek we ösen aň-düşünjeli bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer, oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Döwrümiziň badyna bat, şanyna şan goşýan şeýle ajaýyp mümkinçilikleri, asylly ýörelgeleri bilen ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Döwletgeldi ÝUSUBOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Elektromehanika kafedrasynyň mugallymy.