Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim bilen ak geljege rowana
  10.04.2023
955
Bilim bilen ak geljege rowana

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmenistan ýurdumyzda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak ugrunda möhüm özgertmeleriň amal edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulgamyň barha rowaçlanmagyny üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz häzirki wagtda ylym-bilim babatda dünýäniň iň bir ösen ýurtlarynyň hatarynda tanalýar. Ýokary depginde amala aşyrylýan belent maksatnamalar diýarymyzyň bilim ulgamynyň ösüşine badalga berýär. Ýurdumyzda dünýäniň ösen döwletleriniň ylmy-tehniki ösüşinden ugur alnyp, döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak, ýaş nesli kämil ylymly edip ýetişdirmek wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirilýär. Milli bilim ulgamy diňe bir ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol nesilleriň we döwürleriň özboluşly baglanyşygydyr. Ýurdumyzda ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady syýasatymyz, bilim ulgamyny tapgyrlaýyn kämilleşdirmek bilen baglanyşykly işler giň gerime eýe bolýar. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, beden hem ruhy taýdan sagdynlygy, kämil bilim, edep-terbiýe almagy, täzeçil açyşlar, ylmy döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr.  Türkmenistanyň daşary syýasatynda amala aşyrylýan netijeli başlangyçlar ylym we bilim pudagynda dünýä ýurtlary we abraýly guramalary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara möçberinde milli tejribäni paýlaşmaga uly mümkinçilik berýär. Bilim ulgamyndaky halkara gatnaşyklary giňeltmekde ykdysady, medeni, ylmy we beýleki durmuş ugurlary bilen sazlaşykly alyp gitmek möhüm orny eýeleýär. Dünýäniň köp döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ýola goýýan döwletimiziň ylym-bilim ulgamynda alyp barýan işleri halkara hyzmatdaşlygynda täze derejelere eýe bolýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim ulgamynyň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylyş gerimini giňeltmek, sanly bilim ulgamyny üpjün etmek, maglumatlary alyşmak, kompýuter torundaky maglumat gorlarynyň elýeterliligini gazanmak boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bilim berlişiniň hil derejesiniň halkara ülňülerine gabat getirilmegi, bilim özgertmeleriniň dowam etdirilmegi bilen birlikde, ýaş nesliň bilim-terbiýeçilik işiniň sazlaşykly alnyp barylmagyna uly mümkinçilik döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyklykda bilim berilmegi, olaryň ruhy hem beden taýdan taplanmagy, ylmy döredijilige höweslendirilmegi, mähriban Watanymyza, milli ýörelgelerimize ygrarly kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiz Mähriban Arkadagamyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Maýa DURDYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.