logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Bilim bermekde STEM tehnologiýalaryň orny
  08.04.2025
1115
Bilim bermekde STEM tehnologiýalaryň orny

 

Häzirki döwürde bilim ulgamynyň ösüşi bilen bir hatarda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şol täzeçil çemeleşmeleriň arasynda STEM tehnologiýalary aýratyn orun eýeleýär. STEM (Science – Ylym, Technology – Tehnologiýa, Engineering – Inženerçilik, Mathematics – Matematika) görnüşinde berilýän bilim, okuwçylaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, logiki pikirlenişini ösdürmäge hem-de hakyky durmuş bilen baglanyşykly bilimleri özleşdirmäge ýardam berýär.

 

STEM çemeleşmesi teoriýadan has ýokary derejede tejribä daýanýar. Bu bolsa okuwçylaryň diňe teoriki maglumatlary öwrenmek bilen çäklenmän, olary praktiki ýagdaýda ulanyp bilmek ukyplaryny ösdürýär. Mysal üçin, okuwçylara fiziki ýa-da himiki tejribeleri ýerine ýetirmek, programma üpjünçiligini döretmek, robot tehnikasyny gurmak ýaly işleriň üsti bilen, olaryň ylma bolan höwesi artýar.

 

Türkmenistanda hem STEM tehnologiýalaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Mekdeplerde häzirki zaman laboratoriýalaryň, kompýuter otaglarynyň döredilmegi, mugallymlaryň täze tehnologiýalar boýunça taýýarlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy bu ugurda ädilen möhüm ädimleriň biridir. Şol bir wagtyň özünde, dürli STEM taslamalaryna gatnaşmak, halkara derejeli olimpiadalara gatnaşmak ýaly mümkinçilikler hem giňelýär.

 

STEM tehnologiýalarynyň bilim ulgamynda ornaşdyrylmagy häzirki zaman ýaşlarynyň täze düşünje bilen ösmegine, ylmy we tehnologiki taýdan ösen jemgyýetde bäsdeşlige ukyply şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly ýardam berýär. XXI asyryň ýokary bilim talaplaryna laýyklykda ösdürilýän STEM çemeleşmesi, geljekki ösüşiň ygtybarly binýadydyr.

 

Baýramgözel BAKYÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ
Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ mugallymy
.