logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Science and Education /Bilim — bagtyň açary
  31.08.2022
1409
Bilim — bagtyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  bilimi we ylmy ösdürmäge, döwrebap bilim-ylym ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde belent üstünlikler gazanylýar. Berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

 

 

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

 

 

Häzirki döwürde bilimiň hilini ýokarlandyrmakda täze talaplar bildirilýär. Bilim edaralaryny döwrüň talaplaryna we häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirmek, täze sapaklary girizmek aýratyn-da sanly ulgam bilen baglanyşykly sapaklary girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ukyp-zehinlerini ýüze çykarmaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.

 

 

Mälim bolşy ýaly, ertir ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni. Bu möhüm çäre mynasybetli ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda baýramçylyk çäreleri guralar. Elbetde, 1-nji sentýabr mekdep okuwçylary, talyplar we mugallymlar üçin täze okuw ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrýan ajaýyp baýramçylykdyr.

 

 

Ýaş nesliň ylym-bilimli, edep-terbiýeli, Watana wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

 

Gözel ANNAGELDIÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
mugallymy.