logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Beýniniň rak keseline garşy implant döredildi
  19.10.2022
2298
Beýniniň rak keseline garşy implant döredildi

ABŞ-nyň Stanford uniwersitetiniň lukmançylyk ugry boýunça alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden beýnide dörän çişleri ýok edip biljek täze usuly oýlap tapdylar.

Alymlar, beýniniň rak keseline garşy döreden implantynda - beýnidäki zyýanly çişleri ýok edýän nanobölejikleri işjeňleşdirmek üçin infragyzyl şöhläni ulandylar. Näsaglaryň köpüsiniň 15 günüň dowamynda her gün 15 minutlyk bu täze usul bilen bejergi alsa ölümden halas edilip bilinjekdigi mälim edildi.

Alymlar implanty, deriniň we kelle çanagynyň arasynda ýerleşdirip boljakdygyny we onuň takmynan 4-5 dereje temperaturany ýüze çykarýandygyny şeýle hem howply çişiň töweregindäki sagdyn beýni dokumalaryna zeper ýetirmezden bejerýändigini aýtdylar.