logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Beýik Ýüpek ýolunyň şäherleri» atly sergi öz işine başlady
  26.08.2022
843
«Beýik Ýüpek ýolunyň şäherleri» atly sergi öz işine başlady

Ýakynda, Gollandiýanyň Leýden şäherindäki Leýden uniwersitetinde «Beýik Ýüpek ýolunyň şäherleri» atly sergi öz işine başlady. Sergide, Merkezi Aziýadaky tapylgysyz gymmatlyklaryň hatarynda türkmen halkynyň we beýleki milletleriň milli kümüş şaý-sepleri, egin-eşikleri hem sergilenýär. Şeýle hem sergide Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iri şäher merkezlerinde yslam binagärliginiň ýadygärliklerine, metjit-medreselerdir mawzoleýlere uly orun berilýär. Bulardan başga-da sergide Owganystandaky Hyrat, Eýrandaky Maşat we Soltaniýa, Gazagystandaky Türküstan, Türkmenistandaky Merw we Änew, Özbegistandaky Samarkant, Buhara we Şährisabz medeni ojaklaryna aýratyn üns berilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherlere bagyşlanan bu sergi 23-nji sentýabra çenli dowam eder.

 

 

Belläp geçsek, sergi ilkinji gezek 2019-nji ýylda Leýden uniwersitetiniň alymy, Tankydy mirasy öwreniş bölüminiň mugallymy Ýelena Paskalewa we Eýranyň we Merkezi Aziýa medeniýetiniň taryhy ylymlarynyň professory Gabriel Wan Den Berg tarapyndan guraldy.