Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ekologiýa medeniýeti boýunça gyzykly oýunly duşuşyk ✦ ✦ Ýaş ykdysadyýetçiler telekeçilik dünýäsi bilen tanyşdylar ✦ ✦ Balkan matematika olimpiadasynda altyn we kümüş medallar ✦ ✦ Tejen etrabynda hukuk sowatlylygy barada okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Mämmet Seýidowyň 100 ýyllygy Bäherdende dabaralandy ✦ ✦ Gara Seýitliýewiň 110 ýyllygy Bäherdende dabaraly bellenildi ✦ ✦ Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça halkara maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti FFD4 halkara maslahatyna gatnaşýar ✦ ✦ Sanly ulgam — döwrebap ösüş ✦ ✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTLY ENESI
  01.06.2022
647
BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTLY ENESI

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanasynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl içeri-ynsanperwer daşary syýasatlary netijesinde ýurdumyz gülläp-ösýär. Halkyň gündelik durmuşy gowulanýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamy döwrebap ösüşlere beslenýär. Elbet-de bu özgerişler bilim ulgamynda-da öz netijeliligini görkezýär. Ýurdumyz ösüp barýan ýaş neslimiz üçin çagalygyň bagtyýar mekanyna öwrüldi. Men hem, bu ajaýyp zamana guwanyp ýaşaýan bagtly eneleriň biridigime juda begenýärin, sebäbi çagalar üçin döredilýän ähli şertler olaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykaryp, gelejegini ýagtylandyrýandyr. Meniň gyzym Maýýa Myratowa Daşoguz şäheriniň 36-njy çagalar bagyna gatnaýar. Meniň gyzym Maýýa Hormatly Prezidentimiziň Dil baradaky syýasatyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen Daşoguz welaýat Baş Bilim Müdirligi tarapyndan gurnalan “Dil bilen-dünýäni gezer” atly döredijilik bäsleşiginde welaýatymyzdaky mekdebe çenli çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň arasynda üç dilde ýagny, türkmen, rus, iňlis dillerinde gürlemek, goşgy-aýdym aýtmak, tebigatymyzy wasp etmek we 3 diliň elipbiýi barada gürrüň bermek boýunça 17-nji maý aýynda Daşoguz şäher tapgyrynda çykyş edip, welaýat tapgyryna saýlandy. Gyzym Maýýa 20-nji maý güni Daşoguz şäheriniň 36-njy çagalar bagynda geçirilen ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşyp onuň ýeňijisi boldy. Bu şatlykly habar meni juda bagtly etdi we ene ýüregimde mähriban perzendime has-da buýsanjymy artdyrdy. Her bir ene-ata üçin mähriban perzendiniň ýeňişi çäksiz bagtdyr. Elbet-de gyzymyň ýeňşinde onuň terbiýeçileri Meňligül Paltaýewa we Arzuw Şajykowa dagylaryň irginsiz zähmetleri jemlenýär. Bu waka ajaýyp zamanada hormatly Prezidentimiziň ýaş neslimiz üçin edýän aladalarynyň çäksizdiginiň ýene-de bir gezek subutnamasy boldy.  Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe alyp, geljekde ýurdumyza mynasyp ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ene kalbymdan köp sag bolsun aýdýaryn! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il bähbitli-ýurt ähmiýetli alyp barýan aňsat bolmadyk işleri elmydama rowaç alsyn!

     Dünýägözel Araşowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynyň meliorasiýasy
 kafedrasynyň  mugallymy