logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Berkarar döwletiň  bagtly çagalary
  25.07.2022
1048
Berkarar döwletiň  bagtly çagalary

Güneşe baý türkmen topragynyň sapaly tomsunda bagtyýar çagalaryň durmuşy durşy bilen hezillige, şatlyk-şagalaňa beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülden näzik göwünli körpeleriň bu pasylda gowy dynç alyp, wagtlaryny örän gyzykly geçirmekleri, olaryň her biriniň beden taýdan sagdyn, aňly-düşünjeli bolup kemala gelmekleri üçin uly aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzyň çar ýanynda, obadyr şäherlerinde gurlup ulanylmaga berlen sagaldyş we dynç alyş merkezleri bu günki gün çagalara gujagyny giňden açdy. Birek-birek bilen dostlaşyp, ýakyndan tanşyp, wagtlaryny juda gyzykly geçirýän çagalaryň dynç alyş merkezlerinde aýratyn üns-alada bilen gurşalmaklarynyň özi-de olar hakdaky aladanyň bir bölegidir.

Olaryň biri hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan esaslandyrylan Awazadaky  “Daýanç” çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezi bolup durýar. Bu ýerde çagalaryň gowy dynç almaklary we wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen. Bu ýerde çagalaryň arasynda  sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. Ýaryşlarda ýeňiji bolan çagalara Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Biz Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi hem çagalaryň gowy dynç almaklary üçin olary ýollanmalar bilen üpjün edýäris. Häzirki wagtda tomusky dynç alyş möwsüminiň 3-nji tapgyry dowam edýär.

Goý, bagtly çagalygyň ýurdy bolan Berkarar döwletimizde bagtyýar çagalaryň gülki sesleri ýaňlanyp dursun. Türkmen halkynyň bagtly geljegi üçin gijesini gündiz edip işleýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

Arslan ORAZLIÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Tejen etrap
Geňeşiniň işgäri.