logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Bereketli pile hasyly — halal zähmetiň miwesidir
  22.05.2025
745
Bereketli pile hasyly — halal zähmetiň miwesidir

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe oba hojalygy pudagynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler oba hojalygynyň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri üpjün edýär. Şol ugurlaryň biri hem — halkymyzyň gadymy we milli ýörelgelerine daýanýan pileçilikdir.


Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda hem pile hasylyny ýygnamak boýunça gyzgalaňly işler dowam edýär. Bu sebitde pileçilige yhlas bilen ýapyşýan daýhan hojalyklary her ýylyň ýaz pasly bilen bilelikde päk zähmetiň miwesini almak ugrunda tutanýerli işleýärler.


Kaka etrabynyň pileçi kärendeçileri bellenilen meýilnamany ýerine ýetirmekde diňe bir meýilnamalaýyn sanlara ýetmek bilen çäklenmän, eýsem ony artygy bilen tabşyrmagy hem başardylar. Bu ýyl olaryň jemi 687 gap pile gurçuk tohumyndan 24 tonna pile tabşyrmak boýunça öňde goýlan maksady bar.


Pileçilik diňe bir ykdysady ähmiýetli ugur bolman, eýsem ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň nusgasydyr. Pile bilen baglanyşykly zähmet — sabyrlylygy, tertip-düzgüni, gözelligi we yhlaslylygy talap edýär.


Şeýle ýokary görkezijiler diňe bir Kaka etrabynda däl, eýsem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde alnyp barylýan pileçilik işleriniň netijesinde gazanylýar. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk önümçiliginiň toplumlaýyn ösdürilýändiginiň, döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň ýerlikli netijelerini görkezýär.
 

Arzuw Täjowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.