Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Bereketli Ahal topragy
  03.11.2020
1001
Bereketli Ahal topragy

     1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler guramasynyň 185 agza döwletleriň ykrar etmegi bilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Şol gün Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini ykrar edýän, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýasyny  kabul etdi. Bu resminama 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 agza döwletler tarapyndan biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Dünýäde ikinji gezek Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Garaşsyz ýurdumyz Bu gün “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Hemişelik Bitataplygymyzyň 25 – ýyllyk toýuna barýar.

         Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň täze taryhy döwründe ýurdumyzda dünýä ýaň salýan beýik özgertmeler amala aşyrylýar. Watanmyzyň taryhy ösüşlerine gadymy Ahal ýaýlasynyň döwrebap keşbini synlanyňda hem göz ýetirip bolýar. Gysga döwrüň içinde bu gadymy ýaýlada nusgalyk obadyr şäherçeler peýda boldy. Durmuş-medeni, iri önümçilik maksatly desgalaryň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Bu gün welaýatyň ilaty şeýle ajaýyplyklaryň hözürini görüp, bagtyýarlykda ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzyň obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty innowasion esasda ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilendir.  Milli Liderimiz bu işleriň netijesinde, ak bugdaýyň mekany bolan berkarar döwletimizde şu ýyl welaýatyň gallaçy daýhanlary Watan harmanyna 400 müň tonnadan hem gowrak guşgursak bugdaýy ýygnamak bilen, ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.  Welaýatyň Duşak şäherçesinde 30 müň tonnalyk elewatoryň gurulmagy bilen ýygnalan dänäni gaýtadan işlemek we sarp edijilere ýetirmek ugrunda döwrebap işler alnyp barylýar. 2017 – 2020-nji ýyllarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “John Deere” hem-de Germaniýa Federatiw respublikasynyň “CLAAS” kompaniýalarynyň ýokary öndürüjilikli, döwrebap oba-hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlarynyň uly tapgyry satyn alyndy.

         Ýetişdirilen pagta hasylyny pagta ýygyjy kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň güýjüni netijeli ulanyp ýitgisiz ýygnap pagta hasyly kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz daşalýar.

         Döwrebap dokma toplumlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy we işe girizilmegi bilen, olaryň her birinde ýylda bäş müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlenip, taýýar dokma önümlerini öndürmäge mümkinçilik açylar. Eziz diýarymyzyň ajaýyp howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän ak pagtanyň bolçylygynda, bagtyýar raýatlarymyzyň her biri şunuň bilen bir hatarda Ahal welaýatynyň bagtyýar ýaşaýyjylary hem ekologiki taýdan arassa, ýakymly dokma önümleri bilen üpjün edilýär.

         Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda” Karara gol çekmegi öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly ähmiýetli waka boldy. Bu Karara laýyklykda daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik taraplara we raýatlara 99 ýyl möhleti bilen ýer bölekleri peýdalanmaga berilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürmekde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýan türkmen telekeçileriniň hem uly goşandy bardyr. Bu gün Ahal topragynda hem ýerden gök, bakja we beýleki miweli önümlerden bol hasyl öndürip almagy başarýan telekeçileriň sany barha artýar.

         Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak babatda durmuşa geçirýän işleriniň çäklerinde türkmen telekeçileri dünýä bazarynda islegli, eksporta niýetlenen, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýýarlar. Işewürler yhlasly zähmet çekmek bilen, hususy ulgamy köptaraplaýyn ösdürýärler. Olar diňe bir gurluşyk we beýleki senagat harytlaryny öndürmek bilen çäklenmän, eýsem, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakda-da asylly işleri alyp barýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň  ak bazarlarymyzda miwe bolçulygyny döretmek babatda edýän taýsyz tagallalaryndan ruhlanan telekeçiler bagçylygy we üzümçiligi ösdürmäge, içerki bazarlary gök we miwe önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmäge uly goşant goşýarlar.   

         Welaýatyň gurluşyk we energetika senagaty pudagy hem belent ösüşleri nazarlaýar. Derweze döwlet elektrik stansiýasy welaýatyň oba şäherlerine nur paýlaýan desgalaryň biridir. Welaýatyň çäginde gurlup ulanylmaga berlen, dünýäde ilkinji zawod tebigy gazdan benzin öndürýän toplumdyr. Ahal welaýaty ýurdumyzyň gurluşyk materiallary senagatynyň önümçilik kuwwatynyň köp böleginiň jemlenen sebitidir. Welaýatyň çäginde mineral-çig malyň magdan däl görnüşlerine baý ýataklaryň köp bolmagy şeýle diýmäge esas berýär. Bu babatda Bäherden etrabynyň Garagan obasynyň çäginde ýerleşýän gazbeton we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän zawodlar toplumy agzalmaga mynasypdyr. Bu gün welaýatyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki senagat ojagy gurluşyk önümçiligine niýetlenen iri senagat kärhanalarynyň ençemesini öz goýnunda jemleýär. 

         Ahal welaýaty maldarçylygyň, goýundarçylygyň düýedarçylygyň, guşçulygyň ösen sebitidir.