Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni ✦
Baş sahypa / Saglyk /Benewşe reňkli gök önümleriň peýdasy
  14.03.2023
1022
Benewşe reňkli gök önümleriň peýdasy

Gök önümleriň we miweleriň arasynda benewşe reňkli görnüşlerini ýygy-ýygydan iýmegiň peýdaly taraplary ýörite hünärmenler tarapyndan subut edilendir. Bu topluma badamjan, şugundyr, gyzyl kelem we sogan, reýhan we asparagus we ş.m girýär. Bularyň hemmesinde erkin radikallara garşy göreşmäge, gan damarlarynyň diwarlaryny berkitmäge, ýürek keselleriniň öňüni almaga, görüş funksiýalaryny goramaga, akyl işjeňligini dikeltmäge kömek edýän antosianinler bar.

Hünärmenler uzak wagtlap miweleriň we gök önümleriň reňkleri boýunça peýdalaryny kesgitlediler. Netijede dürli keseliniň öňüni almak üçin benewşe reňkli önümleri iýmek köp maslahat berilmekligi öňe sürülýär. Käbir gözlegçiler bu iýmitleriň garramaga garşy täsiriniň bardygyny we çiş keselini bejermekde kömek edip biljekdigini aýdýarlar.

Şeýle-de olar holesteriniň derejesini peseltmäge hem ýardam edýär. Olarda zyýanly bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni alýan madda bolan proantosianidin hem bar. Käbir gözlegler bu önümleriň sarp edilmeginiň ýaş bilen baglanyşykly ýadyň ýitmegini azaldýandygyny görkezdi.

Käbir maglumatlara görä, benewşe reňkli ýer almada beýleki görnüşlere garanyňda 4 esse köp antioksidant bar. Ondaky ýokumly maddalaryň mukdaryny Brýusseliň miwesi we ysmanak bilen deňeşdirip bolar. Bu önüm çylşyrymly uglewodlaryň, foliý turşusynyň, C witaminiň, kaliý we demriň gowy çeşmesidir. Şeýle hem, A, B2 witaminleri we iýmit süýümi bar. Mundan başga-da, bu ösümlikler gorag häsiýetine eýe bolan fenollary, tebigy birleşmeleri öz içine alýar.

Olardaky antosianinler gök önümleri we miweleri gün şöhlesinden, pes temperaturadan we beýleki ýaramaz faktorlardan goraýar. Halk lukmançylygynda hem asyrlarboýy adamlar köp sanly keseli bejermek üçin ösümlik bejergisinde antosianinleri ulanyp gelipdirler. Bu birleşmelere baý miweleri we gök önümleri yzygiderli iýmek trombositleriň birleşmeginiň öňüni alýar. Geçirilen gözlegler, gyzyl üzümde tapylan antosianinleriň gan aýlanyş keselleriniň döremeginden netijeli goraýan azot oksidiniň emele gelmegine itergi berýändigini görkezdi.

 

Gülälek ALLAMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.