Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi ✦ ✦ Türkmenistan “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşar ✦ ✦ Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasy açyldy ✦ ✦ “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” ✦ ✦ «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy başlandy ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň awgust sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ ÝB - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumy geçirildi ✦ ✦ TIF 2025 Awazada geçiriler ✦ ✦ Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň nusgasy ✦ ✦ Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Belent ynama ygrarly bagtly ýaşlar!
  16.01.2023
793
Belent ynama ygrarly bagtly ýaşlar!

Merdana türkmen halkymyz köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesilleri terbiýelemekde dünýä nusgalyk ýörelgeleri döredipdir. Ol asylly ýörelgeler nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Zähmetsöýerlik, dostanalyk, watansöýüjilik, wepalylyk, tebigata aýawly çemeleşmek, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetler ýaşlarda irki döwürlerden başlap kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çünki ýaşlykda alnan terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň we döredijilikli durmuşynyň berk binýady bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegi ugrunda zerur bolan ähli tagallalar edilýär. Häzirki zaman multimedia enjamlary bilen üpjün edilen bilim, sagaldyş we dynç alyş merkezleri ösüp gelýän ýaş nesilleriň ygtyýarynda bolup, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmeginde olaryň sagdynlygyna möhüm orun degişli bolup durýar. Şeýle-de sport desgalarynyň sanynyň artmagyna hem aýratyn üns berilýär. Çünki bedenterbiýe we sport ýaşlarda ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmeginde, aň-paýhas ukyplarynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýelemek bilen, ýaşlarda maksada okgunlylygy, durnuklylygy, zähmetsöýerligi, zyýanly endiklere garşy durmak ukybyny berkidýär.

Häzirki döwürde ylmyň we täzeçil tehnologiýalaryň ornunyň barha berkeýändigini nazara alyp, ýurdumyzda ýaşlaryň ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmaklaryna zerur üns berilýär. Şu maksat bilen, her ýylda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirilýär. Çünki ýurdumyzda ylmyň ösdürilmeginiň, öňdebaryjy gazananlarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagynyň, ylmy mümkinçiliklerini berkitmegiň möhüm ugurlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň esasy wezipeleriniň hatarynda görkezilýär. Ýokary hünärli, täzeçil pikirlenip bilýän, giň dünýägaraýyşly we zerur hünär bilimi bolan hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipelerdir. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň döredijilik hem-de sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin-de ajaýyp mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary geljek nesillere geçirmek ýörelgeleri bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda ýaş maşgalalara goldaw bermek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar.

Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň zähmete bolan söýgüsini artdyrmak, döwrümize buýsanjyny, ýagty geljege ynamyny pugtalandyrmak täze taryhy eýýamda mynasyp derejede dowam etdirilýän ýörelgeler hökmünde ýaş nesiller hakyndaky aladanyň netijeli ugrudyr. 

 

Aýdana DOSNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.