Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysadyýet ulgamynda ýetilen üstünlikler ✦ ✦ Hytaý diliniň milli usulyýetini kämilleşdirmekde ähmiýeti ✦ ✦ Hytaý dilini okatmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň ähmiýeti ✦ ✦ Iňlis dilindäki tehniki adalgalaryň elektron sözlüginiň ähmiýeti ✦ ✦ Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy ✦ ✦ Smart tehnologiýalar: häzirki döwrüň innowasion ösüşiniň esasy ugry ✦ ✦ Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllarynda telekommunikasiýa ulgamlarynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistan we Ýaponiýa ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny giňeldýärler ✦ ✦ Çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Belent sepgitlere tarap
  08.09.2021
555
Belent sepgitlere tarap

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlara ösen tehnologiýalar bilen ornaşdyrylan döwrebap mekdeplerde bilim bermek, ýaş nesli berk bedenli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek maksady bilen alyp barýan atalyk aladalaryna, “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli, welaýatymyzyň çäginde gurlup ulanylmaga berlen döwrebap orta mekdepleri aýdyň şaýatlyk edýär. Muňa welaýatyň Ak bugdaý, Gökdepe, Tejen, Babadaýhan etraplaryndaky täze açylan orta mekdeplerini ýagny, Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän ähli amatlyklary bolan, döwrebap 2 sany täze 720 orunlyk   45-nji orta mekdebini şeýle-de, 960 orunlyk 46-njy orta mekdebini, Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje obasyndaky 960 orunlyk 23-nji orta mekdebini, Tejen etrabynyň Babadaýhan obasyndaky 640 orunlyk 30-njy orta mekdebini, Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky 960 orunlyk 42-nji orta mekdebini mysal edip görkezmek bolar. Häzirki wagtda ýaşlarymyz taryhda yz goýan beýik gahrymanlarymyzyň we meşhur şahsyýetlerimiziň adyny göterýän birnäçe mukaddes bilim ojaklarynda bilim alýarlar. Ýaşlarymyzyň bu mukaddes bilim ojaklarynda okap öz bilimlerini artdyrmaklary, olaryň bilim almaga bolan höwesini has-da artdyrýar. Şeýle mukaddes bilim ojagyna mysal edip, Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky 960 orunlyk 42-nji orta mekdebine Annak Sähetmyradowyň adynyň dakylmagyny görkezmek bolar. Annak Sähetmyradow 1900-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda doglan we şol ýerde ýaşan. Ol  1924-nji ýylda Ýaşlar guramasynyň agzasy, 1924-1927-nji ýyllar aralygynda obanyň içinde ündewçi, 1927-1930-njy ýyllar aralygynda Özbegistan döwletiniň Daşkent şäheriniň “Orta Aziýanyň pagta we suwaryş” politehniki institutynyň Işçiler fakultetinde okap, 1930-1940-njy ýyllarda Gökdepe etrabynyň dürli orta mekdeplerinde mugallym we direktor wezipelerinde işläp 1940-njy ýylda Komunistik Partiýasynyň agzasy bolýar. Annak Sähetmyradow 1941-1945-nji ýyllar aralygynda Beýik Watançylyk urşuna (gyzyl goşunyň hatarynda)  gatnaşyp,  aldym-berdimli söweşlerde nemes faşistlerine garşy gahrymanlarça, mertlerçe göreşip, uruşdan gahrymanlaryň hatarynda dolanyp gelýär we 3 sany («Söweşjeň hyzmatlary üçin», «Edermenligi üçin» we «Germaniýadan üstün çykanlygy üçin») medallary bilen sylaglanýar. Soňra 1945-1948-nji ýyllarda Gökdepe etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň direktory, 1948-1949-njy ýyllar aralygynda Gökdepe etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň direktory wezipelerinde zähmet çekmek bilen ýaşlara bilim bermekde nusgalyk görelde bolýar. Şonuň üçin hem Annak Sähetmyradowyň bilim ulgamynda uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetine we oba ýaşaýjylarynyň arasynda gazanan sylag-hormatyna ýokary baha berlip, Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda “Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebi” açylyp ulanmaga berildi.