logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Bazarlarymyzda baýramçylyk berekedi
  24.12.2022
1169
Bazarlarymyzda baýramçylyk berekedi

Täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýän baýramçylyk. Ol maşgala baýramçylygy hökmünde dünýäniň ähli künjeklerinde giňden dabaralandyrylýar. Agzybirligiň, şatlyk-şagalaňyň özboluşly nyşanyna öwrülen bu baýram «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Diýarymyzda hem uly şatlyk-şowhun, joşgun-dabara bilen bellenilýär.

Ýurdumyzyň bazarlaryndaky, söwda nokatlaryndaky haryt bolçulygyna, hödürlenilýän önümleriň köpdürlüligine, nyrh elýeterliligine şaýat bolanyňda, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan durmuş syýasatynyň amal edilýändigine göz ýetirýärsiň. Ilatymyza hödürlenilýän azyk we senagat harytlarynyň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilýändigini aýratyn nygtamak zerur.

Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalary netijeli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, oba hojalyk önümlerini öndürýän we gaýtadan işleýän kärhanalaryň, telekeçileriň sany barha artýar.

Ýurdumyzyň çäginde gök-bakja, miwe önümlerini ýetişdirýän ýyladyşhanalaryň we olary gyş paslyna çenli saklamaga niýetlenen sowadyjylaryň ençemesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi ilatymyzy zerur azyk önümleri bilen bütin ýylyň dowamynda üpjün etmeklige, bazarlarda, söwda nokatlarynda önümleriň bolçulygyny gazanmaklyga mümkinçilik döredýär.

Goý, ýetip gelýän Täze — 2023-nji ýyl Watanymyza şöhrat, öýlerimize bereket eçilsin! 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.