logo

Latest news:
✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Ýaş telekeçiler ýurduň innowasion geljegi ✦ ✦ «Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi ✦ ✦ Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar ✦
Home / Society /«Baýdak - Başymyzyň täji»
  18.05.2022
2914
«Baýdak - Başymyzyň täji»

         Her bir özygtyýarly, Garaşsyz  ýurduň öz Döwlet nyşanlary bardyr. Türkmen halkynyň ebedi saklaýan mukaddeslikleriniň biri hem mukaddes baýdagymyzdyr. Türkmenler uruş döwründe-de, parahatçylyk döwürde-de, Baýdagyny, Tugrasyny goramagy ýokary mertebe hasaplaýar. Türkmenistanyň döwlet baýdagy türkmen milletiniň geçmişini şu gününi hem-de geljegi bilen baglanyşykly özara sazlaşyklary şöhlenendirýändigi  bilen tapawutlanylýar. Döwlet Baýdagynyň esasynda milli däplerimiz goýlandyr. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ýaşyl reňki biziň ýurdumyzyň tebigatyny, ýaşaýşyň reňkini aňladýar, bäş sany göl bolsa, bäş welaýatymyzy aňladýar. Bäş gölüň aşagyndaky zeýtun ýapragy bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk nyşanydyr. Aý bilen ýyldyzlar asmanymyzyň asudalygyny we bäş welaýaty şekillendirýär. Bu gün dünýä halklary jennetli mekana öwrülen eziz Watanmyzyň ýaşyl Baýdagyna haýran galmak bilen garaýarlar. Ginnesiň (rekordlar) bütindünýä kitabyna girizilen 133 metr belentlige galdyrylan Döwlet Baýdagymyzyň möçberi 52,5 we 35 metre barabar bolup, onuň agramy 420 kg-dyr. Ol Paýtagtymyzyň iň gözel ýerinde başyny asmana diräp parlaýar. Belentlikde parlaýan Türkmen Tugy asudalygyndan, il agzybirliginden habar berýär we halkymyzyň belent sepgitlere tarap ynamly barýandygyny äleme buşlaýar. Halkymyzyň buýsanjy ýaşyl Tugumyz bu gün döwrüň depesinde parlap, goja zeminiň ähli halkyny parahatçylyga agzybirlige çagyrýar. Bäş müň ýyllyk taryhly türkmen halkymyz Baýdagymyza mukaddeslik hökmünde togap edýär. Onuň öňünde baş egýär. Çünki Döwlet Baýdagymyz Watanyň ähli gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Bu günki gün ýaşyl Tugumyzyň dünýäniň ähli künjeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň belent binasynyň öňünde pasyrdap durmagy her bir Türkmende buýsanç duýgusyny döredýär. Al-asmanda pasyrdaýan Baýdagymyza buýsançly bakyp, onda halkymyzyň şöhratly geçmişini, häzirki bagtyýarlyk zamanyny, aýdyň geljegini görýäris. Biz oňa, ýerini başga hiç bir zat bilen çalşyryp bolmaýan mukaddeslik hökmünde tagzym edýäris. Ine sanlyja günlerden, has takygy maý aýynyň 18-ne agzybir  türkmen halkymyz “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň günini” uly ruhubelentlik bilen belläp geçer.
   Goý başymyzyň täjine deňelýän Döwlet Baýdagymyz asuda asmanymyzda parahatçylygyň, bagtyýarlygyň nyşany hökmünde hemişe pasyrdap dursun. Asmanymyzyň ýaraşygy ýaşyl Baýdagymyz goý, mydama äleme nur paýlasyn!