logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Balkanda guruljak täze ilatly nokat üçin potratçylar gözlenilýär!
  03.02.2023
1497
Balkanda guruljak täze ilatly nokat üçin potratçylar gözlenilýär!

Balkan welaýatynyň häkimligi Gyzylarbat etrabynda peýda boljak täze ilatly nokatda dürli desgalaryň gurluşygy boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi.

Täze obada 32 sany bir gatly dört otagly ýaşaýyş jaýyny, 260 orunlyk mekdebi, 160 orunlyk çagalar bagyny, saglyk öýüni, geňeşligiň, polisiýanyň, ýangyn söndüriji gullugynyň binasyny,  200 orunlyk medeniýet öýüni we seýilbag gurmak göz öňünde tutulýar.

Bulardan başga-da suw geçirijisini, gaz geçirijisini, lagym ulgamyny we tok geçirijilerini gurnamaly, içerki we uly ýollary çekmeli, agyz suwuny süýjetmek boýunça bina, lagym arassalaýjy desgalar gurulmalydyr.

Isleg bildirýän hususy kärhanalar durmuş maksatly binalaryň gurluşygy boýunça ýüz tutmalary tabşyryp bilerler.

Gurulmaly desgalaryň doly sanawy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz! 

Maglumatlar üçin şu telefon belgilerine ýüz tutmaly:  (+993 222) 2-01-04; 2-01-15; 2-01-16.