logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginde duşuşyk geçirildi
  03.06.2022
926
Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginde duşuşyk geçirildi

Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly mynasybetli duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guraldy. Duşuşyga fabrigiň işçi hünärmenleri gatnaşdy.

Geçirilen duşuşykda, ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, dokma senagatynyň ösüşleri barada gürrüň edildi. Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzda döwrebap şertlerde zähmet çekmäge döreden mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.