Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi ✦ ✦ Türkmenistan “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşar ✦ ✦ Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasy açyldy ✦ ✦ “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” ✦ ✦ «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy başlandy ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň awgust sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ ÝB - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumy geçirildi ✦ ✦ TIF 2025 Awazada geçiriler ✦ ✦ Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň nusgasy ✦ ✦ Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bagtyýar zamananyň ylymdan serpaýly, bagtdan paýly ýaşlary
  20.12.2022
500
Bagtyýar zamananyň ylymdan serpaýly, bagtdan paýly ýaşlary

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň geljegi bolan ýaşlara kämil bilim, edep-terbiýe berilmegine uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzyň ýagty ertiri, geljekki daýanjy bolan ýaş nesilleriň kämil bilimli, ösen hem giň dünýägaraýyşly şahsyýetler, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri babatda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle asylly başlangyçlaryň ählisi bolsa ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda, ussat hünärmen bolup ýetişmekliginde esas bolup çykyş edýär. Ýaşlar baradaky şeýle aladalar kalplary hyjuwly, ylymly-bilimli ýaş nesillerimizi uly ruhubelentlige besleýär, döwrüň kämil innowasion tehnologiýalaryndan baş çykaryp, ata Watanymyzyň dünýä derejesindäki, eziz halkymyzyň at-abraýyny has hem artdyrýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda kalplary jan Watanymyz eziz Türkmenistan diýip urýan, ylymdan paýly, bagtdan serpaýly talyp ýaşlar bu gün Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.

Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bilim edaralary, okuw merkezleri döwrebap tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen doly enjamlaşdyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň, abraý-mertebesiniň barha belende galmagynda bagtyýar ýaşlaryň mynasyp orny bardyr. Çünki ýaşlar döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän şertlerden ruhlanyp, kämil ylym alyp, dünýä derejesinde dürli ugurlar boýunça geçirilýän halkara ýaryşlarynda ýaşyl Tugumyzy belentde galdyryp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde häzirki wagtda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamy jemgyýetimiziň täzeçil döwrüniň esasyny düzýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir başlangyçlarda ýaşlaryň ylymly bolmaklary, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, milliligimize, baý sungatymyza, medeni gymmatlyklarymyza, milli däp-dessurlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrmakda möhüm şertler yzygider döredilýär. Bu bolsa ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine, ylym-bilim gorunyň artmagyna, bagtyýar zamananyň ýeňişli menzillerde batly gadamlar bilen öňe gitmeklerine giň ýol açýar. Biz ýaşlar hem, şeýle belent başlangyçlary bilen ösüşiň rowana ýollarynda berkarar Watanymyzy, mähriban halkymyzy baky bagtyýarlyga besleýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! 

 

Gülbahar ÖDÄÝEWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary institutynyň 
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik 
ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.