Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bagtyýar eýýamyň bilim ulgamy özgerýär
  05.04.2023
762
Bagtyýar eýýamyň bilim ulgamy özgerýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nurana säherlerinde, bagtyýar günlerinde mähriban halkymyz ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine buýsanyp, bagtly günleriň bagtyny duýup ýaşaýar. Peder ýoluny dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ähli ugurlarda  oňyn özgertmeler hem netijeler gazanylýar. Ähli ugurlar bilen birlikde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda hem ýetilýän belent sepgitler bu ulgamy täze üstünliklere atarýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy maglumat tilsimatlarynyň, kämil tehnologiýalaryň soňky gazananlary bilen doly üpjün edilýär. Bilimiň mazmuny we hili täze derejä çykýar, bu bolsa köp babatda häzirkizaman jemgyýetiniň intellektual mümkinçilikleriniň derejesini kesgitleýär. Şonuň üçin öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy  esasynda bilim ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek ileri tutulýan möhüm ugurlaryň özeninde durýar. Munuň özi ata Watanymyzda ösüşlerimiziň we uly üstünliklerimiziň gözbaşynda bolan ylmyň, bilimiň ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirkizaman tehnologik üpjünçiligi ösen ylmyň derejesine kybap getirmekde we gurulýan bilim ojaklarynyň kompýuterler, akylly serişdeler, internet aragatnaşygy bilen üpjün edilmegine uly orun berilýär. Paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerinde iň täze enjamlar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri, döwrebap kitaphanalar, dürli okuw hem dil taýýarlygy merkezleri hereket edýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, elektron bilim maglumatlarynyň gaznasyny döretmek babatda netijeli çäreler geçirilýär, ýokary okuw mekdeplerini bir bitewi bilim toruna birikdirmek işleri amala aşyrylýar. Döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri daşary ýurtly wekiller bilen işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik alyp, öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Bilim ojaklarynyň interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün  edilmegi bilimiň hiliniň has hem kämil derejä ýetirilmegine şert döredýär. Çünki ýaş nesilleriň döredijilik ukybynyň ösmeginde, özbaşdak pikirlenmekmeklerinde, şeýle-de bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakda akylly tehnologiýalaryň hyzmaty örän uludyr. Munuň özi, şol bir wagtyň özünde bilim işgärleriniň, ýaş hünärmenleriň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrýar hem-de wagty tygşytlamaga ýardam bermek bilen, ösen ylmyň hem bilimiň ýaşlar üçin elýeterli bolmagyny gazanmakda esas bolup hyzmat edýär. Ylymly, bilimli, ösen dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, päk ahlakly, milli ýörelgelerine ygrarly nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa, Türkmenistan döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilendir. Ata Watanymyzy ösdürjek, ýagty geljegimiz bolan kämil bilimli ýaş nesil barada uly aladalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Aýnur AKBAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti 
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.