logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Azyk bolçulygyna saldamly goşant
  12.10.2021
855
Azyk bolçulygyna saldamly goşant

Häzirki wagtda türkmen işewürleri gurluşyk, senagat harytlary we azyk önümlerini öndürip, bazar bolçulygyny döretmekde yhlaslylyk görkezýärler. Ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän, bäsleşige ukyply, ekelogoiýa taýdan arassa önümleri öndürip, döwletimizde azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Muňa mysal edip, et, süýt we gaýry azyklyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalary, birnäçe maldarçylyk toplumlaryny görkezmek bolýar.

         Tejen etrabynyň Seleňli geňeşliginiň çäginde ýerleşýän “Süýtli ýaýla” hojalyk jemgyýeti döwrebap maldarçylyk toplumydyr. Bu maldarçylyk toplumynda häzir daşary döwletlerden getirilen köp süýt berýän tohumly mallar idedilýär. Bu toplumynda häzirki wagtda 1000-e golaý baş gara mal bolup, olaryň belli bir bölegi sagylýan sygyrlar, galanlary baka goýlan mallar we ýaş gölelerdir. Mallara weterinariýanyň talaplaryna laýyk ideg edýän toplumynyň işjeň maldarlary her gün 3.5 tonnadan gowrak ýokary hili süýt öndürýärler.

         Toplumda sygyrlary sagmak, ýaş göleleri iýmitlendirmek ýörite enjamlaryň kömegi bilen alnyp barylýar. Maldarçylyk toplumynda döwrebap derejede gurlan gyşky hem-de tomusky ýataklaryň bolmagy mallara ýaş aýratynlyklaryna görä ideg etmäge şertler döredilipdir. Mallaryň ýokumly, baý ot-iýimler bilen birkemsiz üpjün edilmegi süýt we et üçin niýetlenen sygyrlaryň sagdyn ösmegine ýardam edýär.

         Häzirki wagta “Süýtli ýaýla” hojalyk jemgyýetindäki iri şahly mallary gyş möwsümine taýýarlamakda zerur bolan ähli çäreler durmuşa ornaşdyrylýar.