logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Aýdyň geljege tarap
  26.12.2022
931
Aýdyň geljege tarap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Arkadagly Serdarymyz beýleki pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalary kabul edildi. Netijede, milli bilim ulgamynyň hukuk binýady has-da berkidildi. Mugallymlaryň, terbiýeçileriň netijeli işlemeklerine, bilimiň ähli derejelerinde okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýetiniň kämilleşdirilmegine giň ýol açyldy.

Ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, daşary ýurt dillerini kämil öwrenmekleri üçin ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda sanly ulgama geçilmegi, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy häzirkizaman bilim ulgamynyň işini barha ilerledýär. Ýurdumyzyň mekdeplerinde kämil kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan lingafon okuw otaglary bar. Olar daşary ýurt dillerini öwretmek hemde öwrenmek üçin zerur bolan tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Daşary ýurt dilini öwretmekde täze tehnologiýalary, usullary peýdalanmak oňat netije berýär.

Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir. Biz ýaş nesliň bagtyýar geljegi barada ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris. 

 

Aýnur BAHTYÝAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.