logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Aý Ýerden gitdigiçe uzaklaşýar. Geljekde günler 24 sagatdan köp bolup biler!
  20.10.2022
1363
Aý Ýerden gitdigiçe uzaklaşýar. Geljekde günler 24 sagatdan köp bolup biler!

Alymlaryň geçiren täze gözleglerine görä, Aý ýuwaş-ýuwaşdan Ýerden daşlaşýar. Ýagny her ýyl, Aý planetamyzdan 3,8 sm uzaklaşýar. Bu hadysa milliardlarça ýyl bäri dowam edip gelýän eken, ýöne muny alymlar ýaňy-ýakynda bildiler.

Ylmy maglumatlara görä, Aý Ýerden 238,855 mil uzaklykda ýerleşýär. Mundan 2.45 milliard ýyl ozal bolsa Aý bilen Ýeriň arasyndaky aralyk 200,000 milden azdy.

Aý, Ýerdäki sagat akymyny kesgitlemekde möhüm rol oýnaýar. Aý näçe uzak bolsa, günler şonça uzyn bolýar. 2,45 milliard ýyl ozal günler 24 sagat däl-de, 16,9 sagatdy. Aýyň Ýerden gitdigiçe uzaklaşmagy bir günüň has uzaga çekjekdigini aňladýar. Ýöne beýle wakanyň bolmagy üçin ylmy taýdan millionlarça ýyl gerek.