Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦ ✦ Uçurumlaryň taslama işlerinde döwrüň çeper beýany ✦ ✦ Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi ✦ ✦ 4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy ✦ ✦ Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler ✦ ✦ Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi ✦ ✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦ ✦ Medeniýet hepdeligine badalga berildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler ✦ ✦ Galla - biziň baýlygymyz ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Awaza şypahanasy
  24.06.2021
1684
Awaza şypahanasy

Häzirki wagtda ynsan saglygy döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Şol sebäpli ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we dürli keselleriň dikeldiş bejergisinde şypahana bejergisiniň uly ähmiýetiniň bardygy ylmy taýdan kesgitlenildi. Berkarar döwletimiz şypahanalar mekanyna öwrüldi. Şypahanalaryň dünýäde tanalýan ähli görnüşleri biziň ajaýyp topragymyzda bar. Bulara tebigy klimatiki, läbik bejeriji, balneologik şypahanalarymyz bolan «Baýramaly», «Mollagara», «Arçman», «Ýyly suw», «Berzeňňi», «Farap», «Daşoguz», «Bagabat», «Awaza» şypahanalarymyz degişlidir. Täze we durky täzelenen binalarda anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri hereket edýär we olarda dynç alýanlar üçin ähli amatlyklary göz öňünde tutulan bir we iki orunlyk hem-de maşgalasy bilen gelenlere niýetlenen otaglar bar. Bu şypahanalarda hereket edýän anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümlerde keselleri anyklamak üçin we şypahana bejergisini geçirmek üçin zerur gerek bolan enjamlaryň göz öňünde tutulmagy, keselleri anyklaýyş çärelerini geçmäge we netijeli bejergileri kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Şypahananyň mineral-bejeriş suwy ýod-bromly suwlar toparyna degişlidir. Onuň düzüminde hlor, gidrokarbonat, kalsiý, magniý we natriý bar.  «Awaza» şypahanasynda aeroterapiýany, gelioterapiýany, talassoterapiýany (deňiz howasyndan dem almak), deňiz suwuny, ýod-bromly bejeriş mineral suwy, fizio-bejeriş usullaryny, algoterapiýany (deňiz suw otlaryny) we beýleki birnäçe bejeriş usullary öz içine alýan, ýagny toplumlaýyn bejeriş-sagaldyş usullary giňden ulanylýar.

Şypahananyň anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň rentgen anyklaýyş, ultrases barlagy, elektrokardiografiýa, barlaghana, stomatolog, aýal keselleri, iç keselleri, newrolog, kardiolog, dermatolog, göz keselleri, gulak, burun we bokurdak lukmanlarynyň otaglary bilen üpjün edilmegi, raýatlary doly lukmançylyk barlaglardan geçirip we degişli maslahatlary bermäge, şeýle-de raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin internet kafeniň, dükanlaryň, tennis hem-de bilýard otaglarynyň bolmagy şypahana bejergisiniň netijeli bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Deňiz we mineral suwdaky peýdaly maddalaryň toplumy, kenarýaka deňiz howasy bilen utgaşyklykda, adamyň umumy saglygynyň berkidilmegine netijeli täsir edýär. Şypahanada öz saglyklaryny berkitmäge gelýän adamlaryň oňaýly dynç almaklary üçin hem zerur şertler döredilen. Bu ýerde kitaphanada, internet kafede, restoranda we dükanlarda, amfiteatrda, gözellik salonynda we beýleki medeni durmuş maksatly otaglarda adamlara medeniýetli hyzmat edilýär.