Gündelik durmuşda ulanylýan iýmitler, gök önümler, miwedir iýmişleriň käbir görnüşleri köplenç ýagdaýda öňünden alnyp goýulýar. Ýöne käbir önümler geljekde ulanmak üçin ätiýaçlyk hökmünde saklanmaly däldigini bilermenler öňe sürýärler.
Ysly goşundylar. Ysly goşundylaryň peýdaly häsiýetleri hakda hemmämiz bilýäris. Emma olar gereginden artyk has uzak saklananda öz peýdaly häsiýetlerini ýitirýärler. Aşhanada burç, zerdeçal, reýhan, granulirlenen sarymsak we guradylan şibit çäkli mukdarda ulanylýar, şonuň üçin olary ownuk haltalarda däl-de, uly bankalarda satyn almagyň manysy ýok. Ysly zatlary ätiýaçlyk hökmünde alty aýyň içinde ýa-da bir ýyldan artyk ulanmaly däl. Wagt geçdigiçe olar ysyny, peýdaly häsiýetlerini we reňkini ýitirýärler, şonuň üçin ysly zatlary howa geçirmeýän gaplarda saklamak iň gowusydyr.
Goňur tüwi. Goňur tüwi düzümi boýunça peýdaly elementlere baý bolsa-da, ondaky tebigy ýaglaryň köp bolmagy sebäpli, uzak wagtlap saklamaly däl. Tüwini agzy berk ýapylýan gapda saklamak gowudyr. Möhleti - 18 aý. Tüwi dogry saklanylanda-da, ony wagtal-wagtal barlamaly bolýar. Munuň ýüze çykmazlygy üçin, tüwi saklanýan gapda sarymsak gabygyny goýuň.
Kofe. Kofe däneleri birnäçe aý bankada saklanylandan soň, tagamyny we ysyny ýitirýär. Eger kofe dänesi gowrulmadyk bolsa, olaryň saklanyş möhleti 1 ýyl, has gowy işlenilen bolsa, saklanyş möhleti 2,5 ýyla çenli ýokarlanýar. Şeýle-de bolsa, ol däneler çyglylygy we daşarky yslary aňsatlyk bilen özüne siňdirýär, şonuň üçin olary wakuum gaplarda saklamak has gowudyr. Kofe gün şöhlesinden uzakda, berk ýapylan ýapyk bankada saklanýar.
Un. Ol howadan özüne çyglylygy siňdirýär we uzak saklanandan soň dürli mör-möjekler ýüze çykyp başlaýar. Şonuň üçin ony howa çalşyk gowy geçýän ýerde saklamak amatly.
Hamyrmaýa. Möhleti geçen hamyrmaýa saglyga onçakly zyýanly däl, ýöne hamyr üçin ulanmaga ýaramsyz bolýar.
Hoz. Düzüminde tebigy ýaglaryň köp bolmagy sebäpli, hoz aňsatlyk bilen çişip, saglyga zyýanly bolup başlaýar. Mundan başga-da, hozlar wagt köp geçdigiçe tagamsyz, yssyz we reňksiz bolup başlaýar. Kömelek keseli ýokuşan hozlary yzygiderli iýmeklik düwnük keseliniň döremegine sebäp bolup biler.
Peýnir. Islendik süýt önümi ýaly, hatda gaty peýnir hem uzak wagtlap öýde saklanmaýar. Doňdurylan peýnir hem maslahat berilmeýär, çünki onda eremeden soň patogen bakteriýalar emele gelip, önümiň tagamy üýtgäp başlaýar.
Ýaglar. Geljekde ulanmak üçin ýag satyn almak hem maslahat berilmeýär. Islendik ösümlik ýagy gaty seresaplylyk bilen saklanmalydyr. Açylandan soň islendik ösümlik ýagyny bir aýyň içinde iýip bolýar. Zeýtun ýagy açylandan 30 gün soň diňe azyklyk üçin, galanlary bolsa diňe kosmetiki maksatlar üçin amatly bolar. Howa galtaşmaly däl, ýyly we ýagty ýerde saklanmaly. Mundan başga-da, temperaturanyň üýtgemegi hem zyýanlydyr. Saklanyş şertleri berjaý edilse, ýag uzak wagtlap hem täzeligini ýitirmeýär. Emma, beýleki önümler ýaly, çäksiz ýaramlylyk möhletiniň ýokdugyny hem ýatdan çykarmaly däldiris.
Mahym KÖSSEKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.