logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /At – türkmeniň ganaty
  10.11.2023
1100
At – türkmeniň ganaty

Ata-babalarymyzyň bedew atlara bolan söýgüsini, yhlasyny hiç zat bilen ölçemek mümkin däl. Dana pederlerimiz bedew atlar barada “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy” , “Bedewli gapa bela gelmez”, “At rysgaly alnynda” , “At toýnagyna at çydar” , “At ýigidiň diregi, haly – gyzyň ýüregi”, “At kişňeşip tanyşar, adam sözleşip”, “At agynan ýerde toý bolar” ýaly dana dürdäneleri döredipdirler. Bedew atlar irki döwürlerden bäri türkmenleriň milli baýlyklarynyň biri bolup, pederlerimiz bäş-alty ýaşdan başlap oglanjyklary zähmete ugrukdyrmagyň esasy görnüşi hökmünde olara at münmegi, oňa serenjam bermegi, seýislemegi öwredipdirler. On-on bir ýaşlaryndaky oglanlar ata çalasyn münmekde we aty çapmakda uly ýaşlylardan kem bolmandyr. Muny Türkmenistanda bolan syýahatçylar öz ýazgylarynda geň galmak bilen belläpdirler.

 

 

Fransiýaly alym Karole Ferret: “Türkmenlerde atçylyk örän üns berilýän pudakdyr. Türkmenler atlara örän aýawly göz bilen garýarlar. Bu sebäpden türkmenleri çapyksuwar halk hökmünde hasaplamak we olary “çapyksuwar halk” diýip atlandyrmak mümkin” diýip belleýär.

 

 

Türkmenleriň bedew alara bolan söýgisi, yhlasy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň  sanawyna giren “Görogly” eposynda hem örän iňçelik bilen öz beýanyny tapypdyr. Görogly eposynda Gyratyň keşbi arkaly atçylyga türkmen durmuşynda giň orun berlendigi, bedew ata ýakyn dostlugyň, wepadarlygyň nusgasy hökmünde garalandygy giňden beýan edilýär.

 

 

Biz ýaş nesilleriň döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly raýatlar bolup ýetişmegimizde dana pederlerimizden miras galan milli ýol ýörelgelerimiz, edim-gylymlarymyz bahasyz terbiýe mekdebidir. Biz ýaşlaryň oňat okamagymyz, dünýä ülňülerine laýyk bilim almagymyz bilen birlikde pederlerimizden galan ýol ýörelgeleri öwrenmegimiz we mynasyp dowam etdirmegimiz üçin aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, mertebesi äleme dolsun!

 

 

Bahram GARATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Energo-tehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.