logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Aşgabatda «Daşkent» seýilgähi açyldy
  21.10.2022
1259
Aşgabatda «Daşkent» seýilgähi açyldy

Şu gün Aşgabat şäherinde resmi saparda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde Aşgabatda gurlan «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähiniň toý bagyny kesdiler. Şeýlelikde, seýilgäh resmi taýdan açyldy.

Seýilgäh 30 müň inedördül metr meýdany tutup, özbek paýtagtynyň gözel künjeklerindäki desgalaryň 20-den gowragy bar. Seýilgähiň daş-töweregi gür baglyga bürelipdir. Seýilgähiň girelgesinde «Ezgulik» binasy ýerleşen.

Seýilgähiň çäginde ululy-kiçili suw çüwdürimleri, medeni-köpçülik çärelerini geçirmek üçin ýörite meýdança bolup, olar özbek milli nagyşlarydyr şekilleri bilen bezelipdir. Şunda kesişýän gönüburçluklaryň we sekizburçly ýyldyzyň şekilleriniň seýilgähiň çäginde köp desgalarda ulanylandygyny aýtmak gerek. 100-e çenli adamy kabul edip bilýän iki gatly çaýhananyň öňünde seýilgähiň özboluşly desgasy — çäýnek bilen käsäniň şekilindäki suw çüwdürimi ýerleşýär. Bu künjek diňe bir meşhur özbek aşhanasynyň tagamlary bilen däl, eýsem, seýilgähiň Daşkendiň täsin arhitektura desgasy hasaplanýan telewizion diňi görnüp duran merkezi böleginiň ajaýyp görnüşleri bilen hem şäheriň ýaşaýjylaryny özüne çeker.

Bu ýerde çagalar üçin oýun meýdançalary, dürli görnüşli attraksionlar, syn ediş çarhy, awtoulaglary goýmaga niýetlenen ýer göz öňünde tutulypdyr. Täze seýilgähiň çägindäki Sagdyn durmuş ýörelgesi merkeziniň (Ekoseýilgäh) bolsa sagdyn durmuşy ýörelge edinen dürli ýaşdaky raýatlaryň iň gelim-gidimli künjekleriniň biri boljakdygy ikuçsuzdyr. Umuman, seýilgähde wagtyňy şadyýan we gyzykly geçirmek, maşgala bolup dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.