logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Science and Education /​​​​​​​Arkadagly Serdarymyza guwanýarys!
  30.05.2022
1257
​​​​​​​Arkadagly Serdarymyza guwanýarys!

Arkadagly Serdarymyz özüniň özgertmeleri, başlangyçlary bilen, eziz halkymyzy öňe alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz öz rayatlaryny bolelin, sagdyn we asuda yaşatmak üçin öz gujur-gaýratyny, yhlasyny gaýgyrmayar. Hotmatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durnukly ykdysady, syýasy, durmuş-medeni ösüşler üpjün edilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamy sanlyja ýyllaryň içinde belent sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-ýurt bähbitli amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýaş nesil hakynda aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk gelýän okuw merkezlerinde bilim almagy halkymyza, watanymyza pederlerimiziň ýörelgelerine wepaly, terbiýeli, sagdyn pikirli, ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär.
   Bilim eadaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän tehnologiýalary we okuw tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzgiderli alnyp barylýar. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de innowasion usulyýeti bilim ulgamynda giňden ulanylýar. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagynyň hem-de Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bilim ulgamynyň ähli işgärleri ýaş nesle berilýän bilimi ýokarlandyrmakda, okatmagyň täze innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine işjeň ornaşdyrmakda zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Halkymyzy şeýle eşretli durmuşda ýaşatýan Arkadagly Serdarymyzyň her bir edýän nusga alarlyk işlerine guwanýarys we buýsanýarys.  Eziz watanmyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçün ýokary derejede bilim almak, döwrebap derejede bilim bermekde durmuşa geçirilýän uly işleri üçin Arkadagly Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň hemişe janynyň sag, başynyň dik, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy
 kafedrasynyň mugallymy Aýbek Tajyýew