logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Arkadagly Serdar bilen bagtyýardyr ýaşlaň Watan!
  16.01.2023
1945
Arkadagly Serdar bilen bagtyýardyr ýaşlaň Watan!

Ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym hem döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi eziz Watanymyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ýaşlar syýasaty babatdaky asylly maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň berk binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýär. Ýaşlaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin zerur bolan amatly mümkinçilikler döredilip, döwrüň talaplaryna hem-de geljekki ösüşiň ugurlaryna laýyklykda, bu babatdaky milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly sargytlarynyň we öňdengörüjilikli taglymlarynyň, halkymyza, Watanymyza wepaly gulluk etmekdäki şahsy göreldesi ýaşlar üçin möhüm durmuş ýörelgesi bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklary, öz ukyplaryny we zehinlerini, aň-bilim mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri, gözýetimlerini giňeltmekleri üçin ähli zerur şertler döredilen. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, daşary ýurt dillerini öwrenmegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamalary we beýleki möhüm resminamalar kabul edildi. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Diýarymyzda täzeçil ösüşe, ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa, ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýokary hünärli ýaşlar bilen üpjünçiligini pugtalandyrýar. Şeýle-de bazar ykdysadyýeti şertlerinde hususy pudagyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek bilen, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryna goldaw bermek we höweslendirmek ugrunda uly tagallalar edilýär.

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalar, şol sanda «Aşgabat-sitiniň» we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyklary talyp ýaşlardyr ýaş hünärmenler üçin özboluşly synag mekdebi bolup durýar. Olarda täzeçil başlangyçlar iş ýüzünde giňden peýdalanylýar. Eziz Watanymyzyň sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşýan ýaşlaryň döredijilikli zähmeti olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaby bolup durýar.

 

Oguljan ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.