logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Arkadag şäheri — bagtyýarlyk mekany
  18.01.2023
2570
Arkadag şäheri — bagtyýarlyk mekany

«Arkadag şäheri» adyna eýe bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň belent nusgasydyr. Arkadag şäherinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy hem halkymyzyň taryhy şahsyýetlerine bolan taýsyz hormat-sylagyny görkezýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen täze şäherde gurlan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet Saçly Dursunowanyň, Halkara atçylyk akademiýasyna ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň, Ahal atçylyk sirkine türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýetlidir.

Merdana ata-babalarymyzyň şöhrata beslän mukaddes taryhy topragynda gurulýan, «Arkadag şäheri» diýip at alan, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk sene ýazgysyna ajaýyp sahypa bolup girýär. Häzirki wagtda gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlaýjy möwsümde dowam edýän döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda halkyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.

Berkarar döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.  

 

Alty GERMANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.