logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Angliýanyň şa zenany Ýelizaweta II 96 ýaşynda aradan çykdy
  09.09.2022
1326
Angliýanyň şa zenany Ýelizaweta II 96 ýaşynda aradan çykdy

«Buckingham köşgi» - 70 ýyl bäri tagtda oturan Angliýanyň şa zenany Ýelizaweta II-niň aradan çykandygyny habar berdi.

 

 

1926-njy ýylyň 21-nji aprelinde doglan Angliýanyň şa zenany diýlip tanalýan Ýelizaweta II - 1952-nji ýylda tagta çykdy. Şa zenany 70 ýyllap tagtda oturdy. Birnäçe wagtdan bäri Angliýanyň metbugat gulluklary şa zenanyň  saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny we lukmançylyk gözegçiliginiň astyndadygyny aýdyp gelýärdiler.

 

 

«Buckingham köşgi» Angliýanyň şa zenany Ýelizaweta II-niň 96 ýaşynda Şotlandiýanyň Balmoral galasynda aradan çykandygyny habar berdi. Ýerli wagt bilen 18:30-da ähli ýerdäki Angliýa baýdaklary aşak düşürildi we ýas yglan edildi.

 

 

Belläp geçsek, Ýelizaweta II – geçen ýyl lukmanyň maslahaty bilen birnäçe syýahatyny ýatyrdy we iş tertibini üýtgetmek şeýle-de dabaralara gatnaşmazlyk kararyna geldi.