logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Angliýada guş dümewi bilen baglanyşykly wakalar köpeldi
  01.11.2022
984
Angliýada guş dümewi bilen baglanyşykly wakalar köpeldi

Angliýada guş dümewiniň köpelmegi sebäpli ýurduň Daşky gurşaw, azyk we oba hojalygy ministrligi - 7-nji noýabrdan başlap guş etini ýurtda seresaply iýmek we öý guşlarynyň içerde saklamalydygy baradaky habary berdi. Bu habar ýurduň köp sanly fermalarynda guş dümewiniň köpelmegi sebäpli berildi.

Daşky gurşaw, azyk we oba hojalygy ministrligi guşlary öýde saklamagyň olary guş dümewinden goramagyň iň gowy usuldygyny mälim etdi.

Şunuň bilen baglylykda Angliýa hökümeti - Täze ýyl mynasybetli guş etiniň bahalarynyň ýokary boljakdygyny hem belläp geçdi.

Belläp geçsek, Angliýada oktýabr aýynda guş dümewi sebäpli 5,5 million töweregi öý we ýabany guşlar öldi.