logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Änewde toý ruhuna beslenen maslahat geçirildi
  24.12.2022
941
Änewde toý ruhuna beslenen maslahat geçirildi

23-nji dekabrda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde hoşallyk maslahaty geçirildi. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň Arkadag şäheri diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy.

Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, medeni ojagyň eýwanyndaky sergi bilen tanyşdylar. Milli mirasymyzyň gymmatlyklary, el hünärine degişli işler sergä gatnaşyjylarda aýratyn uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, dili senaly ýaşulularyň, kümüş saçly mährem eneleriň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen hoşallyk maslahatynda çykyp geplemelere uly orun berildi. Çykyş edenler welaýatyň ýaşaýjylarynyň arzuw-islegleriniň göz öňüne tutulyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda welaýatyň täze edara ediş merkezine şäher derejesiniň berilmeginiň hem-de oňa Arkadag adynyň dakylmagynyň ulus-ilimizi buýsandyran şanly wakadygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.

Dabara gatnaşanlar eşretli döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ildeşlerimiziň adyndan alkyş sözlerini aýtdylar.

Hoşallyk maslahaty welaýatymyzyň meşhur bagşy-sazandalarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşdy. Döwrümiziň buýsançly waspy bolup ýaňlanan aýdym-sazlar ol ýere ýygnananlar tarapyndan gyzgyn garşylandy.