logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Änew şäherindäki Medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi
  23.01.2023
698
Änew şäherindäki Medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly—beýik ynam, uly buýsanç, mukaddes borç» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Ahal welaýatynyň ähli ýerinden ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary gatnaşdy.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýyla bagyşlanan dabaraly maslahatda ýüregi hyjuwly, kalby joşgunly ýaşlaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Ruhubelent ýaşlar eziz Diýarymyzda özleriniň bagtyýarlykda ýaşamagy, bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi, kadaly dynç almagy we sagdyn ösmegi ugrunda edilýän aladalar barada söz açdylar. Olaryň aýdyşy ýaly, şanly ýylyň şygarynyň ýaşlar bilen baglanyşykly bolmagy ýaşlaryň jogapkärçiligini artdyryp, olary päk zähmete ruhlandyrýar.

Toý ruhunda geçen maslahata gatnaşyjylar ýaşlar barada edýän bimöçber aladalary üçin Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.