logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / In the world /Alymlar tiz zaýalanmaýan makarony taýýarladylar
  07.11.2022
1147
Alymlar tiz zaýalanmaýan makarony taýýarladylar

Italiýada geçirilen gözlegiň netijesi, makaronyň ýaramlylyk möhletini uzaltmaga ýardam berdi. Gözlege gatnaşan hünärmenler, makaronyň saklanyş möhletiniň 30-90 gündigini belläp, dürli gaplama usullaryny we «ýaramly bakteriýalardan» peýdalanyp, 120 güne çenli uzaltmagy başardylar.

«Frontiers in Microbiology» žurnalynda çap edilen gözlegleriň netijesinde azyk galyndylaryny azaltmagyň göz öňünde tutulýandygy mälim edildi. Bu baradaky gözleglerini Altamuradaky makaron zawodynda dowam etdiren alymlar netijede tiz zaýalanmaýan makarony taýýarladylar.

Alymlar munuň üçin gaplama gurşawynda kömürturşy gazynyň we azotyň gatnaşygy üýtgedilende ýaramlylyk möhletiniň üýtgeýändigini belläp, makaronda hamyrynda kislorod sarp edýän mikroblary ulandylar.

Italiýanyň Milli gözleg geňeşi, bu usuly azyk düzgünlerine laýyk gelýändigini we kompaniýalaryň şeýle usuldan peýdalanmalydygyny belläp geçdi. 

 

Bibiaýşa NURBERDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk
institutynyň talyby.