logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Alymlar «Kyýamat buzunyň» ereýändigini habar berdiler
  07.09.2022
1009
Alymlar «Kyýamat buzunyň» ereýändigini habar berdiler

Alymlar Antarktidada ýerleşýän «Kyýamat buzy» diýlip atlandyrylýan «Thwaites» buzlugynyň ýakyn ýyllarda eräp yza çekiljekdigini habar berdiler. Bu bolsa deňiz derejesiniň aşa ýokarlanmagyna we tebigy deňagramlylygyň bozulmagyna getirer diýlip çaklanylýar.

 

 

Alymlar «Thwaites» buzlugynyň iki asyryň dowamynda ýokary tizlik bilen eräp döwüljekligini şeýle-de deňiz derejesiniň birnäçe metr ýokarlanjaklygyny öňe sürýärler.

 

 

«British Antarctic Survey» şereketiniň deňiz geofizigi Robert Larter:

 

 

« - Global ýylylyk tebigata örän zyýan ýetirýär. Şonuň netijesinde hem Ýere uly howp abanýar. «Thwaites» buzlugynyň eremegi bilen birnäçe ýurtlaryň Dünýä kartasyndan aýrylmagy mümkin. Munuň üçin ähli döwletler birleşip bilelikde tagalla etmeli» - diýip belleýär.