logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Akylly gulplar önümçilikde
  02.06.2022
1327
Akylly gulplar önümçilikde

         Häzirki wagtda akylly elektron  gulplarynyň önümçiligi dowam edýär. Bu ,,Akylly gulplaryň’’ önümçiligine Hytaýyň ,,Xiaomi’’ kompaniýasy ýolbaşçylyk  edýär. Kompaniýa , bu çylşyrymly elektromehaniki enjamlaryň dizaýnyny we howpsyzlyk algoritmini yzygiderli gowulandyryp, gulplaryň täze modellerini öndürýär. ,,Xiaomi’’-niň we onuň esasy bolan ,,Aqara’’ bölümindäki öndürilen akylly elektron gulplary barmak yzlary bilen (Sensorly), hemişelik we wagtlaýyn giriş kartlary bilen , amaly programmalar bilen kwartiranyň ýa-da jaýyň gapylarynyň açylmagyna we ýapylmagyna gözegçilik etmäge  mümkinçilik berýär. Her bir ýasalan gulpuň içki gurluş mehanizmi biri-birine meňzemeýär. Şoňa görä hem her gapy içindäki belli bir elektron gulpy ulanmak üçin ýörite ýasalýar. ,,Xiaomi’’-nyň ,,akylly’’ enjamlary dünýä jemgiýetini haýrana goýýar. ,,Xiaomi Smart Door Lock X ‘’ diýip atlandyrylýan ,,akylly’’ gulp adamyň ýüz keşbini tanamaga ukuplydyr. Kompaniýanyň täze önümi şekilleriň üç ölçegli ulgamyna esaslanýandygy bilen, şahsyýetiň ýüz keşbini tanamaga ukuply şeýle gulplardan düýpli tapawutlanýar.

 

Oguljemal BATYROWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby