logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrabynyň Medeniýet öýünde maslahat geçirildi
  01.02.2023
1330
Ak bugdaý etrabynyň Medeniýet öýünde maslahat geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň merkezindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň guramagynda maslahat geçirildi. Oňa ady agzalan jemgyýetçilik guramasynyň işjeň agzalary, edara-kärhanalarda, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar we mährem eneler gatnaşdy.

Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň jemgyýetimizdäki orny, olaryň zähmeti, durmuşy we dynç almagy, syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna gatnaşmagy ugrunda döredilen şertlerdir mümkinçilikler dogrusyndaky gürrüňe üns çekildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi tarapyndan geçen, 2022-nji ýylda alnyp barlan işlere giňişleýin seljerme berlip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňde durýan wezipeler kesgitlendi.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda zenanlar hakda edilýän bimöçber aladalaryň, maşgalany durmuş taýdan goldamaga, eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.