logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi
  19.04.2022
1124
Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

Düýn Ak bugdaý etrabynyň çäginde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şanyna bagyşlanylyp uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Atly ýöriş bäsleşigini Ahal welaýat häkimligi hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilelikde gurady.

Bäsleşigiň badalga bermek üçin niýetlenilen ýörite taýýarlanan meýdançasy ir säherden toý ruhuna beslendi. Badalga berilýän ýerde meşhur estrada aýdymçylaryň, ussat bagşylaryň, tans we halk döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary ýaňlandy.

Bäsleşige ulyýaşar saýlama bedewleriň 20-si goşulyp, iki tapgyrda özara güýç synanyşdylar. Her tapgyr 30 kilometrden ybarat boldy. Uzak aralyga geçmek boýunça geçen nobatdaky atly ýöriş bäsleşigi ahalteke bedewleriniň çydamlylygyny, ýyndamlygyny kesgitlemekde örän ähmiýetli boldy.