logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Agriculture /Ak bugdaý etrabyndaky «Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti «Esmo» haryt nyşanly täze önümi satuwa goýberdi
  05.08.2023
897
Ak bugdaý etrabyndaky «Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti «Esmo» haryt nyşanly täze önümi satuwa goýberdi

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti ýaňy-ýakynda «Esmo» haryt nyşanly täze önümi satuwa goýberdi.

 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň ter miwelerden, gök-bakja ekinlerinden taýýarlaýan önümleri hil derejesiniň ýokarylygy we tebigy tagamy bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende aýtsaň, gürrüňi edilýän bu kärhana ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinji bolup maýonez öndürip başlady. Soňra önümçiligini giňeldip, konserwirlenen milli önümleri taýýarlamak işlerini ýola goýdy. Hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzyň söwda dükanlarynyň tekjelerini bezeýän «Nur», «Mylaýym», «Hazyna» haryt nyşanly önümleri müşderilere öňden tanyş bolsa gerek. Telekeçiler ýakynda «Esmo» haryt nyşanly täze önümi hem satuwa goýberdiler. Şeýle haryt nyşanly maýonezdir üwmeçleriň gaýtalanmajak üýtgeşik tagamy bar.

 

«Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň dürli ýaglylykdaky maýonezler, üwmeçler, duzlanan we marinada ýatyrylan gök-bakja önümleri, mürepbedir jemler, ösümlikli spred ýagynyň dürli görnüşleri, gaýtadan işlenen pagta ýagy, kakaoly we hozly desert goýaltmasy ýaly azyk önümleriniň müşderisi ýeterlik.