logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebinde Açyk gapylar güni geçirildi
  20.04.2022
1376
Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebinde Açyk gapylar güni geçirildi

Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebinde ýurdumyzda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ösüp gelýän ýaş nesle milli ruhda bilim-terbiýe bermek, bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny açyp görkezmek, öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek hem-de ýaýratmak maksady bilen Açyk gapylar güni geçirildi.

Guramaçylykly ýagdaýda geçirilen açyk gapylar gününe etrap häkimliginiň wekilleri, welaýat Baş bilim müdirliginiň, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri we mekdep mugallymlary gatnaşdy.

Etrabyň 1-nji orta mekdebiniň mugallymlary degişli dersler boýunça göreldeli sapaklary berip, şol dersler esasynda sapakdan daşary çäreleri geçdiler. Mekdebiň türkmen dili mugallymy Zylyha Esenowanyň, iňlis dili mugallymy Dünýä Hommadowanyň, rus dili mugallymy Gülnar Aliýewanyň, başlangyç synp mugallymy Laçyn Maşadowanyň degişli dersleriň okuwçylary bilen geçiren göreldeli sapaklary täsirli boldy.