logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ak bugdaý etrabynda döwrebap ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi
  09.12.2022
1034
Ak bugdaý etrabynda döwrebap ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi

8-nji dekabrda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň çäginde 4 gatly, 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 6-sy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu waka täze taryhy döwrümizde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek, raýatlary eşretli durmuşda ýaşatmak ugrundaky tagallalaryň barha rowaçlanýandygynyň dabaralanmasyna öwrüldi.

288 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny «Joşgun bina» hususy kärhanasy alyp bardy. Hususy kärhanasynyň gurluşykçy-hünärmenlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Bagtyýar maşgalalaryň birnäçesine täze jaýlardan öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy dabaranyň şatlykly pursatlarynyň birine öwrüldi.

Dili senaly ýaşulularyň ýagşy dilegleri bilen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň toý bagy kesildi we hemmeler täze ýaşaýyş jaýlarynyň amatlyklary bilen tanyşdylar.

Dabaranyň myhmanlary jaý toýlaryny toýlaýan döwletli maşgalalarda myhmançylykda bolup, olary täze öý-ojaklary bilen gutladylar.