logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Ak bazaryň baýramçylyk berekedi
  28.12.2021
654
Ak bazaryň baýramçylyk berekedi

Ýurdymyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde hem Täze ýyl baýramçylygyna ykjam taýýarlyk görülýär. Ähli obalarda, şäherçelerde toý ruhybelentligini bezemen arçalaryň we köçeleriň çyralarynyň ýokary derejedäki toý bezeglerinde görmek bolýar. Ilatly ýerlerde, edara-kärhanalaryň binalarynda oturdylan baýramçylyk arçalary uzaklardan öwşün atýar. Baýramçylyk öwüşgini bazarlarda we söwda nokatlarynda aýdyň duýulýar. Bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek Ahal welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Tejen etrap Aljylar jemgiýetiniň Tejen şäher bazarlar birleşigi tarapyndan öňünden ähli tagallalar edildi. Şeýle bolansoň, şu günler etrabyň çägindäki bazar we söwda nokatlarynda haryt bolçulygy bilen üns çekýär.

         Tejen şäherindäki “Ahal” bazarynda hem baýramçylyk söwda-satuw barha gyzyşýar. Tejen şäher bazarlar birleşigine degişli bolan bazar köp görnüşli we ýokary hili önümlerdir harytlara baýdyr. Bazarda ilata hödürlenýän azyk harytlarynyň aglaba bölegi öz ýurdumyzda öndürilen bäsleşige ukyply önümler bolmagy has-da guwandyrýar.

Etrabyň çäginde ýyladyşhana şertlerinde pomidor, hyýar, käşir, kelem ýaly önümleri ýetişdirýän zähmet adamlarynyň sany az däldir. Şol önümler diňe bir ekologiýa taýdan arassalygy, ýokumlylygy bilen däl-de, bahasynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Raýatlarymyz tarapyndan gündelik durmuşda zerur bolan beýleki köp görnüşli ýokumly önümler alyjylaryň ösen talaplaryny üpjün edýär.

Dürli görnüşdäki baýramçylyk sowgatlyk önümleri bolsa, aýry-aýry bölümlerde ilata hödürlenýär. Satyjylar bolsa, bazara gelýänlere örän medeniýetli hyzmat edýärler. Bu bolsa raýatlaryň baýramçylyk keýpiçaglygyny has-da artdyrýar.