logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Economics /Ak bazarlaryň bezegleri
  19.07.2021
774
Ak bazarlaryň bezegleri

       Tejen etrabynyň daýhanlary pagtaçylykdyr däneçilik bilen birlikde, bakjaçylyk bilen meşgullanyp, ýylyň-ýyllyna gawundyr garpyzyň bol hasylyny ýetişdirýän ekerançylar az däl. Bu ugurda Tejen etrabynyň çäginde täze ýerleri özleşdirmegiň hasabyna täze açylýan ekin meýdanlaryny netijeli ulanmak arkaly, päk zähmetiň asyl nusgasyny görkezýän daýhanlarymyz, şu günler bakja ekinlerini ýetişdirmekde çekýän asylly zähmeti aýdyňlygy bilen görkezýär. Tejenli daýhanlaryň tomsuň şu jokrama yssysynda ekerançylyk meýdanlaryndaky ekine yhlas siňdirýändigine, birkemsiz ýetişen gawundyr garpyzlar bol hasylyny ýetişdirýärler.

         Tomus pasly hem bu ýerde ir-imişleriň, bakja önümleriniň ýetişmegi, olaryň türkmen desterhanyny bezemegi bilen tapawutlanýar. Şu günler ýylyň dowamynda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen datly, şirin-şeker gawun-garpyzlar Ak bazarlaryny hem-de dükanlaryny bezeýär. “Çekseň zähmet – ýagar rehnet” diýen sözlerinden ugur alýan daýhan, bu türkmen topragynda ajaýyp önümleri ýetişdirip, yhlasynyň hözürini görýär. Halkymyz üçin gündelik islegli bolan bakja önümlerini halk köpçüligine hödürleýär.

Sahabatly toprakdan bereket tapýan şeýle bakjaçy kärendeçileriň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde öndürilýän bakja önümleri saçagymyzyň bezegine öwrülýär.