Halkymyzyň gadymy däp-dessurlary bilen birlikde, ata-babalarymyzdan miras galan gadymy ekerançylyk sungaty gaýtadan dikeldilýär. Edermen babadaýhanlarymyzyň, oba zähmetkeşleriniň ýere egsilmez söýgüsi, yhlas-aladasy netijesinde halkymyzyň gadymy daýhançylyk däbi ýokary derejede gülläp ösýär.
Döwletimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde ýurdumyzyň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň, tohumyň, döküniň we himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde türkmen ýaýlalaryndan ak bugdaýyň, “ak altynyň”, gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilýär.
Eziz Diýarymyzyň edermen daýhanlary Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine buýsanýarlar hem-de özlerine döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ynha şeýle Ata Watanymyzyň ösüşli günlerinde, ýaňy-ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Köpetdag daýhan birleşiginiň çägindäki “Üzümli toprak” daýhan hojalygynyň ekin meýdanynda Ahal welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagy mynasybetli pagta ýygymyna badalga berildi. Şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp Ak bugdaý etrabynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny isripsiz ýygnamak, şeýle-de pagtaçy ýygymçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen 18.09.2002-nji ýyl senede Ak bugdaý etrap häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda ,,Ak altynym-ak bagtym’’ diýen at bilen aýdym-sazly medeni köpçülik çäresi geçirildi. Bu geçirilen aýdym-sazly medeni çäräniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlary öz hoş owazly aýdym-sazlary bilen çykyş edip, pagtaçy ýygymçylara ruhy-lezzet paýladylar. Üsti öz ýurdymyzda öndürilen nazy nygmatlar belen bezelen türkmen desterhanynyň başynda edermen hasyl ussatlary, hoş owazly aýdymdyr sazlaryň owazyna öz ýadawlyklaryndan saplandylar. Dabaranyň ahyrynda etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan öz işine ussat, ýokary netije gazanan ýygymçy gyzlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde edermen babadaýhanlarymyza döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, pagtanyň bol hasylyny öndürmek hem-de 2020-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminiň dowamynda geçirilen bu dabara örän guramaçylykly ýagdaýda geçdi. Bu bolsa elbetde biziň edermen babadaýhanlarymyzyň, ýygymçylarymyzyň işe bolan höweslerininiň artmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär.