logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Agriculture /Ak altyn hasylyny ýygmaklyga taýýarlyk işleri görülýär.
  21.08.2023
673
Ak altyn hasylyny ýygmaklyga taýýarlyk işleri görülýär.

Tejen etrabynyň babadaýhanlary etrabymyz boýunça “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda  30 100 gektar ýere toprak howa şertlerine gabat gelýän ýokary hilli gowaça sortlary ekip, olara ideg etmekligi, şeýle-hem barha ýakynlaşýan pagta ýygymyna taýýarlyk işlerini guramaçylykly ýagdaýda alyp barýarlar. 

 


Şol sanda bu möhüm işe Tejen etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hünärmenleridir mehanizatorlary hem ykjam taýýarlyk gördüler. Öz işleriniň ussatlary bolan daýhanlaryň ýetişdiren pagta hasylyny ýygnamakda ýokary iş öndürijilikli pagta ýygyjy “Jon Deer” kombaýnlaryň 40 sanysy möwsüme taýýarlandy. 

 


Bu kombaýnlara erk etmeklik ozaldan iş tejribeleri bolan ussat kombaýnçy mehanizatorlara ynanyldy. Bu ýerde tehnikalary taýýarlamakda tejribeli hünärmenler yhlasly zähmet çekdiler we abatlaýyş işleri gysga wagtyň içinde tamamladylar. Bu bolsa ýetişdirilen bol “ak altyn” hasylyny öz wagtynda yrýa etmän ýygnamaklyga uly mümkinçilik berer.

 

Annamuhammet  ATALIÝEW
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Tejen etrap komitetiniň başlygy